Dil ― hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda milli we halkara derejede giň gerimli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň we türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, 28-nji fewralda, Türkmenistanyň BMG-ä agza bolmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dil ― hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde guralan bu çäre ählumumy durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmakda, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň 120-den gowragy, şeýle-de daşary ýurtlaryň 15-sinden takmynan 20-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň alymlary we bilim işgärleri gatnaşdylar.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan baradaky kabul eden taryhy karary halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň we alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä derejesinde giň goldaw tapýandygynyň subutnamasy boldy. Şondan bäri geçen 33 ýylyň dowamynda BMG bilen bilelikde giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilip, halkara meseleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşuldy. Şoňa görä-de, geçirilen okuw-usuly maslahat halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup, daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we dilleri täsirli öwretmek boýunça täze usullary işläp düzmek göz öňünde tutuldy.

Maslahatda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, oýun usullarynyň hem-de emeli intellektiň bilim ulgamynda ornaşdyrylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik akademiýalaryndan hem-de ýokary okuw mekdeplerinden gelen professor-mugallymlar bilen bilelikde daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa dilçi mugallymlaryň tejribe alyşmagyna, sapak bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge we bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýokary derejä çykýandygyny bellediler. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen okuw-usuly maslahat daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini ösdürmekde, tejribe alyşmakda we täze usullary işläp düzmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maslahatyň jemleýji böleginde sorag-jogap sessiýasy geçirilip, onda gatnaşyjylar hödürlenen usullaryň bilim ulgamynda ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Aýna SÄTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok