Gowaça ekişine taýýarlyk görülýär

Mälim bolşy ýaly, pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanda gowaçanyň «Ýolöten-50», «Ýolöten-53», «Aşgabat-140», «Garaşsyzlyk-30» we «TOHU-17» orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3» sortlary ekilýär. Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary ýazky gowaça ekişini geçirmek üçin häzirden uly tagallalar edýär. Ýaz ekişiniň geçiriljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Ekiş geçirijileri höweslendirmek maksady bilen, dürli çäreler hem guralýar. Bularyň hemmesi gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder. Ekişde ulanyljak tehnikalaryň ählisi gözden geçirilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň babadaýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Annamyrat ÇOPANOW,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok