Dünýä halklarynyň köpüsi üçin hurma ýöne bir iýmiş däldir. Ýaponlarda hurma miwesi ýeňşiň nyşany, Ýakyn Gündogar halklarynyň köpüsinde paýhas nyşany hasaplanýar we ony «Pygamberleriň iýmişi» diýip atlandyrýarlar. Mukaddes Oraza aýynyň öň ýanynda hurmanyň peýdasy barada gürrüň etmek täsirli bolsa gerek.
Hurma musulman dünýäsinde iň bir wajyp miweleriň biri hasaplanylýar. Remezan aýynda bu miwäniň saçakda bolmagy isleglidir. Onuň dünýä ýüzünde Bagdat hurmasy, Medine hurmasy, Eýran hurmasy, Asýa hurmasy, Kudus hurmasy, Tunus hurmasy, Sukkary hurmasy, Sugaý hurmasy, Berni hurmasy, Şelebi hurmasy, Jennet — Trabzon hurmasy ýaly birnäçe görnüşleri bar. Oraza aýynda söwda ýollary arkaly hurma dünýäniň musulman ýurtlaryna ýaýraýar.
Hurmanyň iki sanysyny suw bilen içmegiň uzak gün açlykdan surnugan bedene ýeterlik kuwwat berýändigini hemişe aýdypdyrlar. Agyz beklenende iýlen hurma-da günüň dowamynda bedene gurbat berýär. Munuň sebäbi onuň düzüminde dürli gurplandyryjy ýokumlaryň kändigi bilen düşündirilýär.
Remezan aýynda uzakly gün iýip-içmekden saklanyp gezmegiň saglyk üçin, esasan-da, aşgazan-içege ýollaryny arassalamakda peýdalydygyny ylym hem tassyklaýar. Içege ýollarynyň näsazlyklaryny bejermekde, iç gatamada, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, ganazlykda, içgeçmede, günde bir hurma iýmegiň iýmit siňdiriş ulgamynyň saz işlemeginde uly peýda getirýändigini, gözüň görşüni gowulaýandygyny hünärmenler nygtaýarlar. Onsoň oraza tutmak bilen saglygymyza nähili peýda getirýändigimize düşünmek kyn däl.
Nuryagdy MÄMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
71-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler