Türkmen medeni mirasynyň öçmejek nyşanyna öwrülen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň baş baýragy – Altyn baýrak bilen Türkmenistana gaýdyp geldi.
Bu abraýly festiwalda türkmen jigitleri ahalteke bedewleriniň çalasynlygyny, türkmen atçylyk sungatynyň inçe nusgasyny hem-de edermenlik däplerini dünýä ýaýdylar. Olaryň täsirli çykyşlary ýaş eminleriň, italýan we hindi sirkleriniň, şeýle hem tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Topar öz döredilen gününden bäri türkmeniň atçylyk sungatynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly üstünliklere eýe boldy.
At üstündäki milli oýunlary dünýä sirk sungatynda täsin fenomen hökmünde tanadan bu topar şu wagta çenli birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy:
2013 – Moskwada geçirilen “IDOL” Bütindünýä sirk festiwalynyň Uly baýragy
2014 – Latino (Italiýa) XVI Halkara sirk festiwalynyň baýragy
2015 – Hytaýda geçirilen II Halkara sirk sungat festiwalynyň baýragy
2016 – Gyrgyzystanda geçirilen II Bütindünýä çarwa oýunlarynyň baýragy
2018 – Sankt-Peterburgda geçirilen “Fontankada” 1-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” baýragy
Monte-Karlodaky bu gezekki ýeňiş sirk sungatynyň “Oskary” hökmünde tanalýan Altyn baýragy bilen has-da şöhratlanýar. Bu baýrak diňe bir şahsy ussatlygyň däl, eýsem, türkmen atçylyk sungatynyň we milli medeniýetimiziň dünýäde ykrar edilmeginiň nyşanydyr.
Daşary ýurt metbugaty hem “Galkynyş” toparynyň bu ajaýyp çykyşynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen utgaşýandygyny belledi. Türkmen jigitleri öz çykyşlarynda diňe bir ussatlygy däl, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni jebisligiň ähmiýetini hem wagyz etdiler.
Türkmen jigitleri öz çykyşlarynda ahalteke bedewleriniň nepisligini, tizligini we inçeligi bilen birleşýän ussatlygy tomaşaçylara görkezmek bilen, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň çuňňur ruhuny açyp görkezdiler.
Bu ýeňiş diňe bir “Galkynyş” toparynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň medeni üstünliginiň dünýä sahnasyndaky dabaralanmagydyr. Ahalteke bedewlerini şöhratlandyrmak, milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillerde atçylyk sportuny ösdürmek – bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk hem dowam etdiriler.
Sähra Muhammedrüstemowa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler