TSTP-da ene diliniň halkara güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşinde ene dilinde halkara güni mynasybetli “Ene dilim – eziz dilim” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň agzalary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Hukuk we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Dädebaý Nazkuliýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Aýmyrat Kuliýew, Aşgabat şäheriniň 95-nji orta mekdebiniň dil we edebiýat mugallymy, Büzmeýin etrap halk maslahatynyň agzasy Oguljemal Dummanowa hem-de telekeçi Musa Ataýew dagylar çykyş etdiler. Şeýle-de kitap sergisi gurnaldy.

Çykyş edenler türkmen diliniň halkymyzyň maddy we medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup, onuň taryhy, medeniýeti barada belläp geçdiler. Şol sanda ene dilimizi dünýäde giňden tanatmak, ony geljek nesillere giňden ýetirmek we gorap saklamak hakynda nygtadylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok