Osakada geçiriljek sergide Türkmenistanyň Milli güni belleniler

Ýaponiýanyň Osaka şäheri 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda “Expo 2025” Bütindünýä sergisine myhmançylyk eder. Sergi “Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti dizaýn etmek” şygary bilen Osaka aýlagyndaky emeli Ýumesima adasynda geçiriler. Bu halkara çärede dünýäniň ýurtlary ylym, tehnologiýa, binagärlik we sungat ugurlarynda gazananlaryny görkezmek üçin ýygnanarlar.

“Expo 2025” sergisine 28 million töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşylýar, bu bolsa Osakanyň ykdysadyýetine takmynan 18 milliard dollar girdeji getirer. Serginiň geçiriljek ýeri bolan Ýumesima adasyna barmagy ýeňilleşdirmek üçin, Osaka Metro Chuo liniýasynyň uzaldylyp, täze Ýumesima stansiýasynyň 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda açylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan hem bu halkara çärä gatnaşjak ýurtlaryň biridir. 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Osakada Türkmenistanyň Milli güni bellenilip, onuň çäklerinde dürli medeni we işewürlik çäreleri guralar.

“Expo 2025” sergisi, dünýä ýurtlarynyň innowasiýalaryny we medeniýetlerini paýlaşmak üçin möhüm platforma bolup, geljekki jemgyýetiň ösüşine goşant goşmak maksadyny göz öňünde tutýar.

Aýgözel Babaýewa
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-niň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok