Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy we durnukly ösüşi ileri tutýan syýasaty bilen dünýä giňişliginde öz ornuny barha berkidýär. Bu ugurda möhüm wakalaryň biri hökmünde 2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Seulda geçirilen brifingi görkezmek bolar. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda guralan çärä syýasy bilermenler, diplomatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, ýurduň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk başlangyçlary barada giňişleýin maglumat aldylar.
Brifingde esasy üns Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine gönükdirildi. Bu seneler diňe bir Türkmenistanyň taryhynda däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginde hem uly ähmiýete eýe bolup, sebitde durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Brifingde bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saklamak bilen, 30 ýylyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle-de, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen bilelikde, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy.
Bu brifing, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir syýasy-diplomatik ugurda däl, eýsem medeni we ykdysady ugurlarda hem täze ösüş ýoluna gadam basýandygyny görkezdi. Şeýle çäreler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna we iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň has-da pugtalanmagyna hyzmat eder.
Juma Jumaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler