Hazar düwleni diňe Hazar deňzinde ýaşaýan özboluşly süýdemdiriji haýwanlaryň biridir. Ol dünýädäki iň kiçi düwlen görnüşleriniň biri bolup, howanyň we ekologiki şertleriň üýtgemegi bilen baglylykda howp astynda galan haýwanlaryň hataryna girýär. Hazar düwlenleri öz ýaşaýyş durmuşlary, iýmitleniş endikleri we köpelmek aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Hazar düwleni diňe Hazar deňzinde ýaşaýan endemik görnüş bolup, ol esasan deňziň demirgazyk we gündogar kenarlarynda, buz bilen örtülen sebitlerde, adamlaryň az barýan kenar ýakalarynda duş gelýär.
Hazar düwlenleri ýyly möwsümlerde sowuk sebitlerde köpelýär we tomus paslynda deňziň orta we günorta sebitlerine göç edýärler.
Hazar düwlenleri beýleki düwlenlerden kiçi göwrümi bilen tapawutlanýar. Olaryň ortaça uzynlygy 120-150 sm, agramy bolsa 50-60 kg bolýar. Olaryň derileri ýumşak we çal reňkli bolup, käbirleriniň bedeninde gara tegmiller duş gelýär. Olar güýçli ýüzmek ukyby bilen tanalyp, agyr buzlaryň aşagynda hem hereket edip bilýärler.
Hazar düwlenleriniň iýmit çeşmeleri esasan kiçi deňiz jandarlary bolup durýar. Düwlenler gijelerine we irden aw etmek üçin deňziň çuňluklaryna çümýärler. Hazar düwlenleriniň köpelmek prosesi gyş paslynyň ortalarynda başlanýar.
Hazar düwlenleri birnäçe sebäplere görä howp astynda galan görnüşleriň biri bolup, olaryň sany ýylsaýyn azalýar. Bu haýwanlary goramak üçin dürli halkara guramalar we ýerli hökümetler ýörite kanunlary girizýärler. Ýeri gelende belläp geçsek, Hazar düwlenleriniň sanyny köpeltmek we olaryň ýaşaýyş ýerlerini goramak üçin Ýewraziýanyň tebigaty goramak boýunça birnäçe taslamalary hereket edýär.
Bekmyrat GALANDAROW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler