Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmek we halkara gatnawlary giňeltmek üçin ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Şol işleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategiki ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Bu köprüniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň iýul aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda gurulýan bu döwrebap desga, ýurduň ulag mümkinçiliklerini artdyrmak bilen birlikde, halkara söwda we ýük gatnawlarynyň has hem kämilleşmegine uly itergi berer. Köpriniň buýrujysy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bolup, gurluşyk işleri «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti tarapyndan türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde alnyp barylýar.
Täze köpri halkara ülňülerine laýyklykda gurlup, onuň uzynlygy 354 metre, ini 21 metre barabar bolar. Iki taraplaýyn hereketli, iki zolakdan ybarat bolan köpri, ýük göterijilik we geçirijilik mümkinçilikleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat eder. Gurluşykda Türkiýe, Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan getirilen ýokary hilli demir konstruksiýalar ulanylýar.
Häzirki wagtda köpriniň ähli sütünlerinde beton guýmak, metal konstruksiýalary oturtmak, gorag örtüklerini gurnamak, süýşürmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Şeýle hem, Türkmenbaşy-Garabogaz eltiji ýollarynyň asfaltlanmagyna taýýarlyk işleri tamamlanmak derejesine geldi.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän bu köpri, sebitde ulag geçelgesini gowulandyrmak bilen, Türkmenistanyň halkara logistika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna uly goşant goşar. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde agzybirlik bilen zähmet çekýän hünärmenler, köprini bellenilen möhletde ýokary hilli ýagdaýda tamamlamagy we ulanyşa tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu taslama, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň durnukly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy bolup, geljekde sebitiň ulag-logistika mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar.
Aýjeren Baýmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
II ýyl talyby.
Teswirler