TSTB-niň ýokary okuw mekdebi şu ýylyň sentýabrynda ulanmaga berler

Tutýan meýdany: 8 gektar.

TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri: 

– işewürlik we menejment;
– maglumat tehnologiýalary;
– himiýa tehnologiýalary we dag-magdan pudagynyň işewürligi;
– oba hojalyk işewürligi; 
– binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi; 
– hünär derejesini ýokarlandyryş. 

Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurtda ilkinji ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, 2024-nji ýylyň 7-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler” diýip, belläp geçdi.

Täze ýokary okuw mekdebiniň binýady 2022-nji ýylyň iýulynda tutuldy. Ýokary okuw mekdep «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilýär. 

Köp ugurly talyplar şäherçesi ýaşlaryň 2700-sine niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde dil öwreniş bölümi, kitaphana, 1000 orunlyk mejlisler zaly, naharhana, 300 orunlyk 2 sany talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýy, sport meýdançalary ýaly desgalar hem-de ulag goýmak üçin ýer göz öňünde tutulandyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň telekeçiliginiň taryhynda täze sahypany açar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok