“Eje, men diplomat boljak” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi

Ýaşlaryň diplomatiýa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen geçirilen “Eje, men diplomat boljak” atly duşuşyk many-mazmuna we täsirli söhbetlere baý boldy.

Jemgyýetçi-pedagog Merdan Ataýew bu ugurda öz tejribesi bilen paýlaşyp, diplomatiýanyň ähmiýeti, onuň kynçylyklary we jogapkärçilikleri barada gyzykly gürrüň berdi. Şeýle-de ol türkmen diplomatiýasynyň taryhynda yz goýan şahsyýetleri ýatlap, ýaşlara nusgalyk görelde hökmünde hödürledi.

Duşuşyga gatnaşanlar sorag-jogap alyşyp, diplomatiýa bilen baglanyşykly meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanlar bilen pikir alyşmalardan soň, gatnaşyjylar az wagtlyk dynç almak üçin “coffee break” pursatyndan peýdalandylar.

Duşuşygyň ahyrynda Täze Älem kitap dükanynyň adyndan bijeli sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu pikir alyşma duşuşygyny geçirmäge ýakyndan ýardam beren hemaýatkärlere – Täze Älem kitap dükanyna, Ýigit hojalyk jemgyýetine, Gökdepeler HJ, Bilim nokady bilim merkezine hem-de Nusga consultinga minnetdarlyk bildirildi.

Bu duşuşyk ýaşlaryň diplomatiýa bilen has içgin gyzyklanmagyna, täze pikirleri we tejribeleri edinmegine mümkinçilik döretdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok