Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistan ykdysady, medeni we syýasy taýdan täze belentliklere ýetýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan bu syýasat halkyň abadançylygyny, ösüşini we dünýä bilen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.
Türkmen diplomatiýasy hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýar. Ýurdumyzyň diplomatik wekilleri halkara derejede dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýärler.
Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – 2025” hem-de “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kararnamalaryň aýratyn orny bardyr. Bu resminamalar ýurdumyzyň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän syýasy ugry Türkmenistan döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkara giňişlikde ornunyň berkemegine ýardam eder. Parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýolundan barýan eziz Diýarymyz hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Kemal Welmämmedow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler