2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Halkara gatnaşyklary instituty bilelikde “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Maslahata Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, şeýle hem birnäçe tanymal diplomatlar we hukukçy alymlar gatnaşdy. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Dialog – parahatçylygyň kepili” filosofiýasynyň türkmen diplomatiýasyndaky ähmiýetine, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň diplomatik işgärlere goýýan sarpasyna ünsi çekdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza jan saglygyny, alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Oguljan Kurbanowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler