Türkmenistanda ýaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, iş bilen üpjünçiligi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklaryny goramak, olara bilim we iş ugurlarynda goldaw bermek maksady bilen 2021-nji ýylda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Kanun kabul edildi. Bu kanuna laýyklykda, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, döwrebap bilim almaga we hünär edinmäge ýardam etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar we talyplaryň döwrebap tehnologiýalar arkaly bilim almagyna mümkinçilik döredilýär. Şeýle-de, daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýaşlaryň halkara derejesinde bilim almagy üçin mümkinçilikler giňeldilýär.
Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy üçin döwrebap sport desgalary ulanylmaga berilýär. Sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek maksady bilen, dürli ýaryşlar we sport çäreleri guralýar. Türkmen türgenleri halkara arenasynda uly üstünlikleri gazanyp, ýurduň sport abraýyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin dürli festiwallar, döredijilik bäsleşikleri we sergiler guralýar. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara döwlet tarapyndan goldaw berlip, olaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam edilýär.
Türkmenistanda ýaşlaryň geljegini üpjün etmek we olaryň ähli ugurlarda üstünlik gazanmagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwrebap bilim ulgamy, iş bilen üpjünçilik, sport we medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaş nesliň bilimli, başarjaň hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenmegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň ýaşlary üçin döredilýän mümkinçilikler olaryň geljekde Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna şert döredýär.
Gülruh Atabaýewa,
TMÝG-niñ Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünarmeni.
Teswirler