Türkmenistan agrar syýasaty bilen dünýäde durnukly oba hojalyk ösüşini üpjün edýän önüm öndürijilikli ösen ýurtlaryň biri bolup durýar. Oba hojalygy ykdysadyýetiň strategiki ugrudyr we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.
Maldarçylyk oba hojalyk pudagynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanda iri we ownuk şahly mallaryň sany artdyrylýar, mallaryň seleksiýasy hem-de saglygy goraýyş işleri gowulandyrylýar.
Ekologiýa taýdan arassa oba hojalygyny ösdürmek we daýhanlaryň ekin ekmekde tebigata zyýan ýetirmezlikleri üçin döwlet tarapyndan ýörite çäreler görülýär.
Sanly tehnologiýalaryň oba hojalygyna ornaşdyrylmagy hem möhüm meseleleriň biridir. Ekerançylyk meýdanlarynda dronlaryň we innowasion suwarmak usullarynyň ulanylmagy daýhanlaryň işini ýeňilleşdirýär we hasyllylygy artdyrýar.
Türkmenistanda oba hojalygy durnukly ösüş ugrunda ösüşleri dowam etdirýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy netijesinde oba hojalygynyň geljegi has-da rowaçlanar. Daýhanlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi hem-de bu pudagyň ösdürilmegi ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.
Jahan Garrygulowa,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler