Ganatly bedewler — geçmişiň mirasy

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy we medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Gözelligi, syratlylygy, tizligi we wepadarlygy bilen dünýäniň atçylyk sungatynda aýratyn orny eýeleýän behişdi bedewler ata-babalarymyz tarapyndan gadymyýetden bäri belent sarpa goýulýar.

Türkmen halkynyň ynançlarynda at bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlar bar. Ata-babalarymyz bedewi diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl-de, eýsem, hakyky dost, syrdaş hökmünde hem kabul edipdirler. “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýen halk nakyly hem türkmenleriň bedewlere bolan belent hormatyny görkezýär.

Behişdi bedewler edebiýatda hem uly orun eýeleýär. Ertekilerden dessanlara, taryhy hakykatlardan şygyrlara çenli türkmen döredijiliginde bedewleriň keşbi şöhratlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserleri hem türkmen bedewleriniň belent mertebesini wasp edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen bedewlerine goýulýan sarpa has-da artdy. Milli baýramçylyklarda we halkara sergilerde türkmen bedewleri aýratyn orun eýeleýär. Goý, behişdi bedewleriň kişňemesi bagtyň we abadançylygyň nyşany bolup, eziz Watanymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok