Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bagtyýar nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy we ahlak taýdan kämilleşmegini üpjün etmek Watanymyzyň durnukly ösüşiniň örän möhüm şertleridir. Şu aýdyň wezipeden ugur alyp, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilimi has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesle bilim-terbiýe berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda resminamany durmuşa geçirmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Elektron maglumat gorlarynyň döredilmegini, olaryň zerur bolan maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde esasy ugurlar bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, halkyna, Watanyna wepaly, ylymly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin amatly şertler döredilýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň ýokary derejede bolmagyna, döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de ýokary bolmagyna öz goşantlaryny goşmaklaryna uly ýardam berýär.
Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülnur KAKYŞOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler