“Altyn asyryň altyn nesilleri” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görülýär

2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda, Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary arasynda geçirilen “Altyn asyryň altyn nesilleri” bäsleşiginiň etrap tapgyry üstünlikli tamamlandy. Bu bäsleşik, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň 6-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Halmanow Jemaleddin, iňlis dili dersinden 1-nji orny, Amanyýazowa Tuwakgül Gyýanly şäherçesiniň 7-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda 1-nji orun eýeläp, öz bilimini we zehinini subut etdi. Bu üstünlük diňe bir şahsy däl, eýsem, etrabyň bilim ulgamynyň ýokary derejesini görkezýär.

Bäsleşik ýaşlaryň bilimlere bolan höwesini artdyrmak bilen, olaryň geljekki mümkinçiliklerine ýol açýar. Halmanow Jemaleddin we Amanyýazowa Tuwakgül ýaly zehinli ýaşlaryň üstünlikleri, bäsleşigiň ýaşlary ylma, bilime we döwrebap ösüşlere höweslendirýändigini görkezýär.

Şöhle GORGANOWA,
 
Türkmenbaşy şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň
Türkmen dili, edebiýat we başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok