Aloe

Aloe, ýüzlerçe ýyllap dermanlyk ösümlik hökmünde tanalýan we häzirkizaman saglyk we gözellik senagatlarynda giňden ulanylýan bir ösümlikdir. Aloe-niň içinde tebigy ýaglar, minerallar, witaminler (A, C, E, B12) we antioksidantlar bar. Aloe suwy, derini nemlendirmek ýaralary bejermek üçin giňden ulanylýar. Şeýle hem, Aloe, ýara bejermäge, ýanyklara garşy göreşmäge kömek edýär. Bulardan başga-da, aloe suwyny içmek, bedeni içki zeperlerden we toksinlerden arassalamaga, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmaga we immun ulgamyny güýçlendirmäge kömek edýär.

Aloe-nin iň meşhur peýdalaryndan biri, onuň derini bejermekde we reabilitasiýa etmekdäki täsiridir. Aloe deriniň nemliligini üpjün edip, ony arassalaýar we rahatlandyrýar. Şeýle hem deriniň howply ýagdaýlarynyň öňüni alýar we derini goraýar.

Aloe köp tarapdan dermanlyk serişde hökmünde ulanmak üçin amatly bolsa-da, ony düýbünden howpsuz diýip bolmaz. Ol güýçli allergendir, şeýle-de ösümlikde köp mukdarda zyýanly boýaglardyr lateksler bardyr, şonuň üçin ony lukmandan maslahatsyz ulanmaly däldir.

Aloe ýaranyň bejergisini çaltlaşdyrýar, ýöne ony deriniň nemli bardalarynyň ýaralarynda ulanmak maslahat berilmeýär. Bu ösümligiň ekstraktyny öz içine alýan derman serişdelerini göwrelilik we laktasiýa döwründe; glomerulonefritde; bagryň bozulmagynda; gipertoniýanyň güýçlenmeginde; gan akmasynda ulanmak düýbünden gadagandyr.

Ahmet AHMEDOW,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok