Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda jemi 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.
“Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Teswirler