«Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylda – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hasyl toýunyň şanyna yglan edýän «Hasyl toýy – rysgal-bereket toýy» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen milli däp-dessurlarymyzyň wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň biri-de, bereketli hasylyň şanyna toýlanýan Hasyl toýudyr. Hormatly Prezidentimiz: «Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr» diýip belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şöhratlandyrmak hem-de gadymdan gelýän däp-dessurymyz bolan Hasyl toýuny dabaralandyrmak maksady bilen, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Hasyl toýy — rysgal-bereket toýy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylýan üstünlikleri, bu üstünliklere saldamly goşant goşýan ekerançy daýhanlar, bagbanlar, maldarlar, mülk eýeler baradaky makalalary, Hasyl toýunyň ähmiýetini okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr.
Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiriliş tertibi:
Bäsleşik goşgular, hekaýalar, makalalar boýunça geçiriler. Bäsleşige isleg bildirýän ildeşlerimiziň her biri gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredijilik işlerini 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän goşgular, hekaýalar, makalalar ozal çap edilmedik we başga bir bäsleşige hödürlenmedik bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Hasyl toýy — rysgal-bereket toýy» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportunyň nusgasy, 2 sany 3×4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin eminler topary döredilýär.
Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda jemlener. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat haty we gymmat bahaly sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly. Erkin döredijilik mekany, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail salgysy: bereketlitoprak@sanly.tm
Habarlaşmak üçin «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-70;
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-04.
Teswirler