«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan edýär!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde yglan etmeginde gözel paýtagtymyzy wasp edýän iň gowy makalalaryň, goşgularyň hem-de ak şäherimiziň täsinlige baý, binagärlik taýdan kämil künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň, kollažlaryň «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy

Bäsleşigiň maksady:

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik, gözellik, ekologik abadançylyk, ýaşaýyş üçin döredilen köpugurly şertler taýdan ýeten belent sepgitlerini, beýik ösüşlerini, täsin keşbini, halkymyzyň mähriban paýtagtymyza bolan   söýgüsini, buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän, giňden beýan edýän iň gowy eserleri, fotosuratlary halkymyza ýetirmek.

Bäsleşigiň şerti:

Bäsleşige paýtagtymyzda ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Oňa ozal başga neşirlerde çap edilmedik, möçberi 3 kagyzdan uly bolmadyk makalalar, goşgular kabul edilýär. Bäsleşige hödürlenilýän makalalarda, goşgularda paýtagtymyzyň ajaýyp şähergurluşyk-binagärlik keşbi, ösüşleri, gazanan köpugurly üstünlikleri çeper we giňişleýin beýan edilmelidir.

Bäsleşigi jemlemek:

Hödürlenýän eserler «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna şu ýylyň maý aýynyň 15-ine çenli gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň, goşgularyň, fotosuratlaryň hem-de kollažlaryň iň gowulary «Aşgabat» gazetinde çap ediler. Bäsleşik Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda jemleniler. Ýörite döredilen eminler topary tarapyndan eserleriň iň gowulary saýlanyp alnar. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-96-24, 39-96-34.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok