Türkmenistanda maldarçylyk halk hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mallaryň sagdynlygy we öndürijiligi köplenç iýmitlenişiň hiline baglydyr. Şonuň üçin ýokumlylygy ýokary bolan otlaryň we iýmlik ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi bu pudagyň ösüşinde uly ähmiýete eýedir. Mallaryň dogry iýmitlenmegini üpjün etmek diňe bir önümçiligi ýokarlandyrman, eýsem, mallaryň saglygyny gorap saklamaga hem mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda birnäçe ýokumly otlar we iýmlik ekinler ulanylýar. Olar düzümi boýunça ýokumly bolup, mallaryň ösüşini we öndürijiligini güýçlendirýär. Esasan, iň peýdaly otlaryň arasynda aşakdakylary görkezmek bolar:
Ýorunja (Lýuserna)
Ýorunja ýokumlylygy boýunça maldarçylykda iň öňdebaryjy otlaryň biridir. Onuň düzüminde köp mukdarda protein, witaminler we mineral maddalar bardyr. Ol:
• Süýt öndürijiligini artdyrýar,
• Mallaryň agram almagyny çaltlaşdyrýar,
• Mallaryň immunitetini güýçlendirýär.
Eşek ýorunja
Eşek ýorunjasy protein bilen baý bolup, mallaryň iýmitlenişinde möhüm orun tutýar. Ol guraklyga çydamly bolup, ýurdumyzyň klimat şertlerine laýykdyr.
Mekgejöwen
Mekgejöwen mallar üçin ýokumly otlaryň biri bolup hasyllylygy pes bolan sebitlerde hem ösdürip ýetişdirmek amatlydyr. Onuň däneli miwesini aýyryp ot-iýmlik üçin ulanylýan bölegi ähmiýeti ýokarydyr.
Ýurdumyzda ýokumly otlary ösdürip ýetişdirmek we maldarçylykda ulanmak birnäçe peýdalary berýär. Ýerli şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän otlar import edilýän iýmleriň çykdajylaryny azaldýar, dogry iýmitlenýän mallar köp süýt we ýokary hilde et öndürýär, iýmlik ekinler topragyň hilini gowulandyrýar we çölleşmä garşy göreşmekde möhüm orun eýeleýär. Maldarçylykda ýokumly otlaryň ulanylmagy diňe bir mallaryň saglygyny we öndürijiligini ýokarlandyrman, eýsem, oba hojalygynda durnukly ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda ýorunja, eşek ýorunjasy, şorgun we mekgejöwen hem-de beýleki ýokumly otlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi bu pudagyň geljekki ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, ýerli klimat şertlerine uýgunlaşan otlaryň ulanylmagy oba hojalygynda durnuklylyk döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Nurjan BABAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
weterinar lukmançylygy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler