Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen buýsançly sözlerinden ugur alyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) ýokarda aýdylanlar babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdirýän enelere hormatly adyň dakylýandygy, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar beýan edilmelidir. Makalalardyr oçerkler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli, yhlasly zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeş zenanlarymyza, uzak ýaşly enelere, milli sungatymyzy, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän işlerini «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 1-nji martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.
Teswirler