Ejeme

Ilkinji gezek elime galam alyp ýazmaga meýillenenimde kakam hakynda ýazanym üçin siz menden göwün eden ýalydyňyz, munuň sebäbi kakamy gysganmagyňyz ýa-da diňe özüni söýmegimizi islemegiňiz däldi. Megerem siz ilkinji setirleriň özüňiz hakda ýazylmagyna garaşan bolmaly. Göwnündäki öýkeden ýaňa şondan soň özüňiz hakdaky müňläp owadan sözlerem siziň göwnüňizi galkyndyrmady.

Bilýäňmi käbäm, aslynda siz mamla. Enäniň beýikligini, onuň mukaddesligini söz bilen beýan ederden men ejiz. Siziň ukusyz geçen gijeleriňiz, beren mähriňizdir eden yhlasyňyz hakda ýüzläp setir ýazylansoň meniňki ýöne bir goşundy ahyry. Ussat şahyrlaryň setirlerinde jemläp bilmedik gudratyny men göwün galkyndyryjy söz bilen ýazardan ejizdigimi boýnuma alýan. Ýöne ýekeje zady bilmegiňizi islärdim, ejem jan, siz dünyädaki iň gowy sözlere, iň owadan güllere mynasyp.

Sizde özgeleriňkiden artyk dogmuň bolmagy biziň şu günki durmuşdaky ornumyza sebäp. Çagakak kakam bilen irden agşama çenli işde bolup öz doglan günüňizi unudan gezekleriňiz hem bolardy. Şonda ulalamda size ömrüňiziň iň uly sowgadyny bermegi arzuw ederdim (aslynda özümiň siz üçin iň uly sowgatdygymy bolsa pikirem etmändirin).

Käbäm siziň ýekeje gyzyňyzdygym üçin özümi dünýäde iň bagtly gyz hasaplaýan. Bu gün agalarym bilen herimiz bir ýerde aýry-aýry kärlerde durmuşyň başagaýlyklaryna güýmenip ýörüs. Şol arada käte çagalygymyzy ýatlanda ömrümiziň baş rolunda siziň bardygyňyzy nygtaýas. Bu hakykat. Sebäbi kakamyň uzak gün işde wagty biz mydama siz bilendik.

Käbäm, doglan günüňiz gutly bolsun! Taňry siziň ömrüňizi uzak etsin, siziň bilen kän doglan günleriňizi garşy almak miýesser etmegini dileýän, sebäbi çagalygyma dolanyp her geçen senäni siziň üçin uludan dabaralandyrmaga mümkinçiligim ýok. Janyňyz sag, mertebäňiz belent bolsun, güler ýüzüňizi hemişe ýylgyryş bezesin, ejemjan!

Aýlar ORAZMYRADOWA,

Boldumsaz etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok