Dil öwrenmek — döwrüň talaby

Köp dil öwrenmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dünýä dillerini öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu resminama ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watanymyza, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri bilen bagly wajyp wezipeleri, şeýle hem ene dilimizi we daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmeklerini gazanmak ugrundaky özgertmeleri öz içine alýar. Şunuň bilen birlikde ol daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny seljermekligi, umumylaşdyrmaklygy we kämilleşdirmegi, okatmagyň üznüksiz ulgamynyň nazary we usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamaklygy talap edýär.

Döwürdeş alymlaryň belleýşi ýaly, dil halklaryň arasynda dost-doganlygy üpjün edýär. Çünki dil islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda medeniýetini, nusgawy edebiýatyny hem öwrenýärsiň. Bu bolsa halklaryň dost-doganlygyna oňat täsir edýär. Şeýle hem häzirki döwrüň ylmyny öwrenmekde, dünýäniň iň täze gazananlaryny özleşdirmekde hem daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki daşary ýurt dillerini bilmek bilen dünýäniň iň täze ylmy edebiýatlary bilen tanyşmaga, ylmyň mümkinçiliklerini has-da çuňňur öwrenmäge mümkinçilik alyp bolýar.

Goý, ösüşleriň beýik ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda raýatlaryň ylym-bilimini ýokarlandyrmak babatda ähli mümkinçilikleri döretmek bilen, ýurdumyzyň bu ulgamyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýlar ROZYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok