Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek babatynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň baş maksady ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan, olaryň öwrenýän dersini çuň özleşdirmegini, milli mirasymyzdan gaýdýan ýörelgelerden ugur almagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, bu ulgamyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek hem-de bu dillerde erkin gürleşip bilmek döwrüň talabydyr. Dil öwrenmek sözleýiş medeniýetiniň, sözleýiş, pikir alyşmakdaky hiliniň jemidir, bir bitewi ulgamydyr.
Häzirki döwürde dil bilmek adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlygyna öwrülýär. Daşary ýurt dili häzirki zaman jemgyýetiniň derwaýys wezipelerini çözmekde esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Daşary ýurt dili boýunça sowatlylygyň ýokary derejesi jemgyýetiň intellektual, ahlak, ykdysady, syýasy kuwwatynyň ýokarlanmagyna getirýär.
Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleri terbiýelemek, olaryň ylymly-bilimli, maksada okgunly bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler sanardan köp. Ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Bibi ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler