2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw sapagyny geçirdi. Okuw sapagy institut bilen hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, dört tapgyrdan ybarat boldy.
Sapagy Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn Robert we Anastasiýa Bezborodowa alyp bardy. Okuw sapagy döwründe iňlis dili mugallymlarynyň we talyplarynyň döwrebap usullardan peýdalanyp, bilimlerini kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny okuw işinde netijeli ulanmak, dil bilimi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barmak we şol gözlegleriň netijelerini ylmy makalalarda şöhlelendirmek barada pikir alşyldy.
Bu okuw sapagy mugallymlarda we talyplarda uly täsir galdyrdy. Bu çäre Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen ýokary sepgitleriň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň şeýle üstünlikli bolmagy, ýaşlaryň geljekde ylmy we amaly ugurlarda has kämil bolmagyna itergi berýär.
Jemal GÜLJÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler