Galla önümçiligi
Türkmenistan galla önümçiliginde ösüşiň täze derejesine çykdy. Suw tygşytly tehnologiýalaryň we agrotehniki çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy bilen, ýerleriň hasyllylygy ýokarlanýar. Hususan-da, döwrebap suwaryş ulgamlarynyň ulanylmagy önümçiligiň netijeliligini artdyrýar. Galla ammarlarynyň gurulmagy we täze saklaýyş usullarynyň ornaşdyrylmagy galla hilini saklamaga mümkinçilik berýär
Galla önümçiliginde hususy sektoryň goşulmagy bilen bazar ykdysadyýeti öz orny tapýar. Döwlet tarapyndan daýhanlara berilýän tehniki we maliýe goldawlary pudagyň ösüşine aýratyn itergi berýär. Şeýle-de, oba hojalyk ylmy-tejribe merkezleri täze tohum sortlaryny işläp taýýarlaýar, bu bolsa ýokary hasyllylygy üpjün edýär.
Pagta önümçiligi
Türkmenistanda pagta, oba hojalygyň esasy ugry bolup, ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Pagta meýdanlarynda ýokary hasylly we ekologiýa taýdan arassa tohumlaryň ulanylmagy önümçiligiň hilini ýokarlandyrýar. Pagtanyň gaýtadan işlenmegi üçin täze zawodlaryň gurulmagy we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy senagat pudagyny ösdürýär.
Pagta önümçiligi bilen birlikde, tekstil senagaty hem çalt depginler bilen ösýär. Döwlet tarapyndan pagtaçy daýhanlara ýeňillikli karzlar we beýleki goldawlar hödürlenýär. Şeýle-de, pagta önümçiliginde suwaryşyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze taslamalar durmuşa geçirilýär.
Maksat SAPAROW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler