Häzirki günde medisinada ýygy-ýygydan duş gelýän keselleriň biri hem
daban deformasiýasydyr. Daban deformasiýasy – dogabitdi ýa-da gazanylan daban keselidir. Bu kesel adyndan belli bolşy ýaly aýagyň aşaky bölegindäki süňkleriň, myşsalaryň uzynlygynyň hem-de görnüşiniň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.
Daban deformasiýasy bilen kesellän bedende şu esasy alamatlar peýda bolýar:
- dabanda gyşyklygyň emele gelmegi;
- ýöremekde dabanda agyrynyň peýda bolmagy;
- aýakgap saýlananda kynçylygyň döremegi;
- pyýada ýöremekde tiz ýadamaklyk.
Daban deformasiýasynyň ýüze çykmagyna dogabitdi nesle geçijilik,
şikeslerden soňky üýtgemeler, döwük-ýenjikleriň nädogry bitmegi, ýangyndan soňky üýtgemeler, newrologik bozulmalar täsir edýär. Daban öz işini dogry ýerine ýetirip bilmeýär. Bu kesel bilen kesellän adamyň kadaly ýöreýşi üýtgeýär. Dabanyň derisinde çişler emele gelýär. Dürli hili ululy-kiçili jaýryklar peýda bolýar. Bedeniň aşa semremekligi hem bu kesele öz täsirini ýetirýär.
Daban deformasiýasyny doly derejede bejermek gaty kyndyr. Bejergi
deformasiýanyň döreýiş aýratynlyklaryna hem-de görnüşine laýyklykda amala aşyrylýar. Agyr ýagdaýlarda hirurgiki bejergi berilýär.
Patologiýanyň ýüze çykyşynyň irki basgançaklarynda daban
deformasiýasynyň öňüni almak üçin ilkinji nobatda aýakgaby dogry saýlamaly. Aýakgabyň hili gowy bolmaly, ol beden üçin amatly bolmaly. Agram aýagyň ähli ýerine deň derejede düşmeli. Mundan başga-da ortopediki serişdeleri aýaga geýmek arkaly bu keseliň ýeňil görnüşini bejermek mümkin. Ýörite bejeriji maşklar bilen meşgullanmaly.
Söhbet GANDYMOW
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby lukmançylyk
fakultetiniň 6-njy ýyl talyby
Teswirler