Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dana şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy belentde sarpalanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, ýadyňyzda bolsa 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap ata Watanymyzda we dünýäniň ençeme ýurtlarynda beýik söz ussadynyň umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işlere badalga berdildi. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Uly ruhubelentlikde geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermäge, ýurdumyzyň halkara derejesindäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmaga, ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge goşant bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň dana Pyraga bagyşlap döreden ajaýyp goşgusy hem şahyryň baý edebi mirasyna çuňňur hormatyň soňsuz nyşanydyr.
Şeýle-de bular boýunça geçirilýän iri halkara çäreler, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar. Şahyryň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygy türkmen Bitaraplygynyň baý mazmunyny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen Magtymgulynyň belent başly ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralaryň özboluşly nusgasydyr. Şeýle-de ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem geçirildi. Çünki Magtymgulynyň baý mazmunly mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýär. Akyldar şahyryň agzybirlik, halallyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, goňşy halklara hormat goýmak baradaky parasatly pikirleri halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Doganlyk ýurtlarda hem beýik akyldara bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary, orta we ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaklary, mowzuklaýyn duşuşyklary, brifingler, «tegelek stol» maslahatlary, filmleriň görkezilişi, sergiler hem-de konsertler yzygiderli gurnalýar. Olarda Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýete eýedigine üns çekilýär. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde şahyryň döredijiligi giňden meşhur bolup, onuň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi.
Ýene-de esasy bellemeli wakalaryň biri-de, Türkiýe Respublikasynyň Kappadokiýa sebitinde Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, türkmen-türk baýdaklary hem-de şahyra degişli bannerler bilen bezelen howa şarlarynyň 300-siniň asmana uçurylmagy Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan belli bir şahsyýetiň hormatyna guralan şeýle möçberdäki ilkinji howa festiwaly hökmünde hasaba alnyp, degişli şahadatnama gowşuryldy.
Umuman aýdanymyzda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä halklarynyň milli medeniýetleriniň, edebiýatynyň ösüş ýoluny şöhlelendirmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň özeni bolup çykyş edýär.
Gülnabat KASYMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler