Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi goramak hem-de aýawly saklamak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, sergi zallary hereket edýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň öz mümkinçiliklerini açmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler amal edilýär. Kitaphana, muzeý we arhiw işi, amaly-haşam sungaty, medeni gymmatlyklary döretmek, gaýtadan dikeltmek ýaly ugurlardaky meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň kabul edilmegi buýsandyjyrydyr. Döredilýän ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýady bolsa medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ýyly-ýylyna geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleri ýüze çykarmak bilen, olaryň merdana halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny has-da artdyrmaga şert döredýär. Şeýle-de döwletimiziň künjeklerinde ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany barha artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan täze kafedralar hem açylýar.
Sebitiň we dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzyň döwlet strategiýasynda medeni diplomatiýanyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda häzirki wagtda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Döwletimiz BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. ÝUNESKO guramasy ýurdumyzyň medeni, ylym-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklerimizi guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizdi. Şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherimiz hem «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Ençeme wagt bäri, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş höwesjeň aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigini, körpe zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigini, ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistan ýurdumyz medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna giňden ýardam etmek bilen, bu ugurda festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň, Medeniýet günleriniň, mowzuklaýyn maslahatlaryň, iş maslahatlarynyň, «tegelek stol» duşuşyklarynyň, brifingleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Medeniýet ulgamynyň döwlet derejesinde ösdürilmegine, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge, sungat ussatlarynyň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni aň-düşünjesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi. Umuman, ýurdumyzyň medeni durmuşynda bolup geçýän her bir wakalar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň batly depgininiň aýdyň güwäsidir.
Enar ATJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
dutar hünäriniň mugallymy.
Teswirler