Tebigy şypaly içgi

Düýe çaly, türkmen halkynyň gadymyýetden bäri ulanyp gelen tebigy we şypaly içgisidir. Ol diňe bir tagamy bilen däl, eýsem, saglyga ýetirýän peýdalary bilen hem tanalýar. Düýe çaly düýeleriň süýdünden taýýarlanyp, olaryň tebigy iýmitlenme görnüşi bilen baý bolan ýokumly düzümini saklaýar.

Düýe çalynyň düzüminde: A, B1, B2, C, we D witaminleri, kalsiý, magniý, demir we sink ýaly minerallar bar. Şeýle-de onuň düzüminde süňkleri we myşsalary berkitmekde möhüm rol oýnaýan ýokary hilli beloklar hem-de bedeniň immun ulgamyny güýçlendirmäge kömek edýän tebigy himiki birleşmeler bar.

Düýe çaly iýmit siňdirişi kadalaşdyrmaga kömek edýär. Ol probiotik häsiýeti bilen içegelerde peýdaly mikroorganizmleriň köpelmegine ýardam edýär. Çalyň düzümindäki antioksidantlar we immunoglobulinler bedeniň bakteriýalara we wiruslara garşy durmagyny güýçlendirýär. Düýe süýdi we çaly allergiki täsirleriň azalmagyna ýardam edýän häsiýetleri bilen tanalýar, bu bolsa dermanlara alternatiw bolup biler. Çalyň tebigy elektrolitleri bedeniň suw balansyny kadalaşdyrmaga kömek edýär, aýratyn hem çygly we yssy howada saglyk üçin peýdalydyr. Düýe çalynda deriniň ýaş we sagdyn görünmegini goldaýan tebigy birleşmeler bar.

Düýe çaly adaty içgi hökmünde ulanylyp bilner. Onuň tagamyny gowulandyrmak üçin gowşak miwe şiresi ýa-da bal goşup içmek hem maslahat berilýär. Şeýle-de, çalyň dermanlyk häsiýetlerinden peýdalanmak üçin ony yzygiderli, aýratyn hem irden aç karnyna içmek peýdalydyr.

Aýjahan BORJAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok