«Bitarap Watanda — baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, tutumly maksatlaryny barha rowaçlandyrýar, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere göterýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp «Bitarap Watanda — baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň abadançylygy, il-ulsuň bagtyýarlygy hakynda edýän hossarlyk aladalary hem-de ýurdumyzda döredilýän bolelin durmuşyň halkymyza eçilýän bereket-bolçulygy tutuş halkymyzy döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagtly ynsanlaryň ýaşaýan ülkesine öwürmek, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, toý-baýramlarymyzy uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslemek, erkin döredijiligi hemmetaraplaýyn goldamak hakyndaky taýsyz tagallalaryndan hem-de ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň döredijilikli zähmeti sarpalamak we höweslendirmek ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyzyň medeni mirasynda, nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde bu şanly seneler bilen bagly gymmatly maglumatlary wagyz etmek, tebigatyň täsinliklerini şahyrana wasp etmek, ýaş nesilleriň kalbynda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirmek yglan edilýän bäsleşigiň baş maksadydyr.

Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenan mertebesini beýgeltmek, gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan döwletli tutumlaryň ähmiýetini, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini, gadymy däp-dessurlarymyzyň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň milli aýratynlyklaryny, gadyr-gymmatyny we akyl-paýhas çuňlugyny giňden açyp görkezýän eserler gatnaşdyrylar.

Döredijilik bäsleşigine eserler 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler. Bäsleşik Milli bahar baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy «Bitarap Watanda — baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşigine.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok