Parahatçylygy baýdak edinen beýik döwlet

Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda ata-babalarymyzyň milli ruhunyň parahatçylyga, ynanyşmaga ýugrulandygyna şaýat bolýarys. Şol parahatsöýüjilikli ýörelgeler asylma-asyl, nesilme-nesil üýtgemän biziň günlerimize çenli hem gelip ýetipdir. Biz muny 2025-nji ýylyň şanly şygarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» görýäris. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýä ýüzünde ýyl geçidigi saýyn barha dabaralanyp, tutuş ýer ýüzünde parahatçylygyň mukamy hökmünde ýaňlanýar. Üstümizdäki ýylyň şygarynyň eýýäm 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde biragyzdan ykrar edilmegi, ýurdumyzyň öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halky geçmişde hem islendik meseläni parahatçylygyň, diplomatik serişdeleriň, gerek bolan halatynda dutaryň owazynyň üsti bilen çözmegi başarypdyrlar. Beýleki türkmen döwletleri bilen bir hatarda Beýik Seljuk imperiýasynyň orta asyrlarda dünýä kartasynda emele gelmegi, öz döwrüniň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün ediji döwlet hökmünde tanalmagyna ýardam edipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Seljuk hökümdarlary türkmenlere mahsus diplomatiýa arkaly goňşy we alys döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ykdysady, ylmy we medeni taýdan gülläp ösüşe, abadançylyga getirjek döwletiň içki ykdysady özgertmeleriniň ençemesini durmuşa geçiripdirler».  Hakykatdan-da öz döwründe geosyýasy ýagdaýyndan baş çykaryp, döwlet dolandyrylyşyny, daşary we içeri syýasatyny, diplomatiýany ussatlyk bilen durmuşa geçiren seljuk hökümdarlary parahatçylykly ýol arkaly türkmen halkyna mahsus diplomatiýa bilen dostlukly gatnaşyklary saklap, döwletiň serhetlerini giňeltmegi başarypdyrlar.

Seljuk döwletiniň düýbüni tutujylar bolan Muhammet Togrul begiň we Dawut Çagry begiň diplomatik üstünligi barada taryhda gyzykly maglumatlar saklanyp galypdyr. Aýratyn-da Togrul begiň şol döwürde eýmendiriji güýç bolup görünen Wizantiýa imperiýasy bilen alyp baran syýasy-diplomatik gatnaşyklary her bir okyjyda gyzyklanma döredýär.

Beýik Seljuk döwletiniň ýaňy dörän wagty, seljuk begleri yzygiderli Wizantiýanyň ýerlerine ýöriş gurap, syýasy sahnada üstünlik gazanyp başlapdyrlar. Bu ýeňişler Wizantiýa imperatoryny howsala düşüripdir. Bir tarapdan peçenekler bilen söweş alyp baran Wizantiýa imperatory Konstantin seljuklar bilen ylalaşmaga mejbur bolupdyr. Imperator Diýarbekirdäki Merwani nesilşalygynyň emiri Nasr ed-Döwläniň kömegi bilen ilçi ibermeklige karar beripdir. Şundan soňra. Wizantiýa ilçisi G. Drosos bilen Nasr ed-Döwläniň ilçisi Abu Abd Allah ibn Merwan bilelikde seljuk paýtagtyna gelipdirler. Diplomatik protokola laýyklykda, her gelen ilçi hökümdarynyň adyndan gymmatbahaly sowgatlary getirmelidi. Bu barada seljuk weziri Nyzam al-Mülk özüniň “Syýasatnama” işinde şeýle belläp geçýär: «Patyşalar köplenç ilçini ýany sowgat-serpaýly, seýrek duş gelýän gymmat bahaly şaýly, ýarag-espably enjamly iberýärler». Wizantiýa ilçisi hem bu däbe eýerip, seljuklara ýesir düşen Liparitiň öwez tölegi bilen bilelikde, köpsanly gymmatbaha sowgatlary getiripdir. Parahatçylygy we adyllygy özüne baýdak eden Togrul beg Lipariti öwez tölegini almazdan ýesirlikden boşadypdyr. Togrul beg hem öz ilçilerini halyfyň garyndaşy Şerif Nasr ibn Ysmaýylyň baştutanlygynda Konstantinopoldaky Wizantiýa imperatoryň huzuryna iberipdir. Ilçiler soltanyň habaryny ýetiripdirler. Ýagny soltan imperatordan Konstantinopolda Omeýýatlar döwründe gurlup, harabalyga öwrülen metjidi arassalap, halyfyň we Togrul begiň adyna hutba okadylmagyny talap edipdir. Edil şol wagt Müsürdäki Fatymy halyfy Mustansyryň ilçisi hem Konstantinopolda bolup, şol wagtdan başlap Müsür-Wizantiýa gatnaşyklary ýaramazlaşyp başlapdyr. Muňa garamazdan, Wizantiýa imperatory Teodora soltanyň talaplaryny ýerine ýetirip, metjidiň girelgesine ok bilen ýaý şekillerini asdyrypdyr. Şu ýerde «Näme sebäpden ok bilen ýaý?, Olar söweş nyşanlary dälmi?» diýen sowallar ýüze çykýar. Taryhçy türkmen alymy Oguz handan gaýdan «Ýaý-hökümdarlyk, peýkam-ilçi» dessurynyň Beýik Seljuk türkmen döwletinde hem ulanylandygyny belleýär. Çünki ýaý hökümdara deňelip, ol ilçini bir ýerlere ýollaýar, ýagny ok kimin maksadyna gidýär manysynda düşünilipdir

Imperatoryň Togrul begiň talaplaryny doly ýerine ýetirendigine iberilen diplomatik hatlar şaýatlyk edýär. 1051-nji ýylda Wizantiýa imperatory halyfa hat ýazyp, ilçi ugradypdyr. Hat latyn dilinde altyn harplar bilen ýazylyp, ýanynda arapça terjimesi bolupdyr. Hat şeýle giriş sözleri bilen başlapdyr: «Musulmanlaryň hökümdary, hormatly we söýgüli dostum Abu Japar Kaim». Beýle diýilmegi Wizantiýa imperatorynyň Abbasy halyfyny tanaýandygyny we Müsür fatymylaryny inkär edip başlandygyny görkezipdir. Bularyň ählisi Togrul begiň baglaşan şertnamasynyň netijesinde bolupdyr.

Halkymyzyň goja taryhynda, aýratyn-da, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň diplomatik mirasynda şeýle wakalar örän kän. Bu maglumatlar ýurdumyzda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çuň taryhyny, düýp filosofiýasyny ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär.

Bu ýörelgeler bolsa häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda öz mynasyp beýanyny tapýar.

Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok