Şazada agajy iň çalt ösýän agaçdyr


Dünýädäki owadan agaçlaryň hataryna giren agaçlaryň biri paulowniýadyr. Ol şazada agajy, kiri agajy, ýaşaýyş agajy, imp agajy , adam agajy, tilki eli agajy diýen birnäçe ada eýedir. Ylmy ady bolsa paulowniýa bolup paulowniýalar maşgalasyna degişlidir. Onuň watany Hytaý bolup Ýaponiýada hem giňden ýaýrandyr. Kiri diýmek ýapon dilinden terjime edende durmuş diýmegi aňladýar.

Ýerli halk bu agaja mukaddes hem-de bagtyň simwoly hökmünde seredipdirler. Hatda ýapon teňňelerinde şekili hem zikgelenipdir. Ol tiz ösýändigi bilen tapawutlanýar. Ol ýeňil we çydamly şol sebäpden alýumin agajy hem diýilýär.    

Ýapraklary uly bolup 80 sm ýetýär ol mallar üçin iým bolup hyzmat edýär. Onuň esasy aýratynlygy islendik toprakda ýaşamaga ukuply we temperatura +45 we -30 gradusda temperatura çydap bilýär. Bu agaç şäherleriň bezegi bolup hyzmat edýär.

Ol güllan wagty hem, ýapraklary hem owadan bolýar. Onuň gülleri liliýa ýa-da jaňjagaz görnüşde özüne çekijidir. Ol çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Gowy ideg edilende 4-5 ýylyň dowamynda ösüp ýetişýär. Baldagynyň diametri 35 sm beýikligi bolsa 25 metre ýetýär.

Ajaýyp izolýasiýa häsiýete eýe bolup ses siňdiriji, termiki, gigroskopiki izolýasiýalar bu agaja mahsus. Bio ýangyç hökmünde-de giňden peýdalanylýar. Ýapraklarynyň üst meýdany uly bolup fotasintezi gowy geçirýär. Fotosintez işjeňligi ýokary bolany üçin howany arassalamkda möhüm orny eýeleýär.

Ogulgerek  ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň  talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok