Sarymsagyň peýdasy

Iýmit – ýaşaýşyň iň esasy we iň ýakymly bölekleriniň biridir. Nahar taýýarlamak ählimiz üçin adaty bir zat bolup, biz günüň dowamynda birnäçe gezek naharlanýarys. Taýýarlaýan tagamlarymyzyň has datly bolmagy üçin , biz  hoşboý ysly ýörite garyndylary hem ulanýarys. Duz, burç, sarymsak, lawr ýapragy tagamlary hoşboý ysly edip, işdämizi açýar.

SARYMSAK – köpýyllyk otjumak, gyşyň sowugyna durnukly we sogandüýplüler maşgalasyna degişli ösümlikdir. Sarymsak – kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermany we gadymy ýörite garyndylaryň biridir. Onuň täsin häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Biziň eýýamymyzdan  öňki  üçünji müňýyllyga degişli golýazmalarda sarymsagyň  tebipler we aşpezler tarapyndan giňden  ulanylandygy barada maglumat berilýär.

Sarymsagyň dermanlyk häsiýetleriniň barlygy ählimize bellidir. Sarymsak bakteriýalara garşy ulanylýar, garamükür (singa) keseliniň hem öňüni alýar. Ol inçejik gan damarlaryny (kappilýarlary) berkitmekde-de deňsiz-taýsyz  tebigy serişdedir. Sarymsagyň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar.

Internet maglumatlaryna görä Amerikanyň alymlary sarymsagyň ýene-de bir  peýdaly tarapynyň barlygyny subut etdiler. Alabama uniwersitetiniň işgärleri  sarymsagyň  ýüregiň işine oňaýly täsir edýändigini , gan damarlardaky dartgynlygy aýyrýandygyny ýüze çykardylar.

Sarymsagyň düzümindäki allisin garmonlara täsir edip bilýär we  gandaky holestrini 10% azaldýar. Sarymsak fitonsidleri bölüp çykarýar. Olar öz gezeginde  mikroblary, dürli wiruslary we bakteriýalary öldürmäge ukyplydyrlar. Sarymsak tebigy antibiotik hasaplanylýar. Onuň täsiri tetrasikline deňelýär, käte ondan hem güýçli hasaplanylýar.

Ene-mamalarymyz çagalaryny sowuklamadan we dümewden goramak üçin, olaryň boýnundan  sarymsagyň dişlerini asypdyrlar. Şeýle hem  sarymsakly, burçly unaşy dümewüň bire-bir emi hasaplapdyrlar. Kelle beýnisi üçin  hem sarymsagyň peýdasy uludyr.Ol beýniniň işini  tijendirýär we dikeldýär. Gartaşan  adamlar üçin bu örän wajypdyr, sebäbi sandan çykan beýni öýjüklerini  dikeldýär we täze öýjükleri emele getirýär.

Sarymsagyň  düzüminde witaminler  we mikroelementler  hem bardyr: natriý, kaliý, kalsiý, demir, fosfor, magniý, sink. Kalsiý süňk dokumalarynyň  we dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Demir ganyň düzümini gowulandyrýar.

Sarymsagyň peýdasyna şular hem degişli:

  • Adam bedeniniň  wiruslara garşy çydamlylygyny artdyrýar.
  • Iýmit  siňdiriş  ulgamyny güýçlendirýär.
  • Öýken düwüniniň (rak) emele gelme howpuny azaldýar.
  • Gan basyş keseliniň öňüni alýar.
  • Alzaýmer (huşsuzlyk) keseliniň 70% öňüni alýar.
  • Dowamly spirtli içgileri içýänlerdäki bagyr ýetmezçiliginiň öňüni alýar.
  • Yzygiderli sarymsak iýýän adamlarda sowuklama keseli az  bolýar.
  • Iýlip durlan ýagdaýynda, diş etlerinde döräp biläýjek ýaralaryň hem öňüni alýar.

Ogulgerek  ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň  talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok