Himiýa älemine syýahat edilende islendik adam özüni başga bir dünýä düşen ýaly duýýar. Himiýanyň syrly güýçleri adamy haýrana galdyrýar. Himiýa bolmagy mümkin däl diýilen birnäçe hadysalaryň hem mümkündigini açyp görkezýär. Bize görünýän zatlaryň hemmesi daşdan görnüşi ýaly däldir. Eliň aýasynda ereýän metal munuňaýdyň subutnamasydyr. Metallaryň gaty jisimdigi hemmä mälimdir. Özi gaty jisim bolsa ol nädip eliň aýasynda eräp bilýär?- diýen sorag hemmä gyzykly bolsa gerek! Eliň aýasynda ereýän metal galliý metalydyr.
Eliň aýasynda ereýän metal diýlende ilkinji nobatda bu metal simapdyr diýip pikir edýärler. Bu ýalňyş, sebäbi simap aslynda suwuk metaldyr. Galliý bolsa haçanda galtaşýan meýdanynyň temperaturasy 29,76 C0 temperaturadan ýokarlansa eräp başlaýar. Ol adatça ýumşak plastiki metaldyr. Daşky temperatura bu metala täsir etmeýär, düzümi durnukly ýagdaýda saklanýar. Bu bolsa onuň iň ajaýyp täsinligidir. Temperatyranyň täsir edip başlamagy üçin haýsy hem bolsa bir üst bilen galtaşmagy zerurdyr. Adam bedeniniň temperaturasy bolsa kadaly ýagdaýda 36,6 C0 deňdir. Ony erän wagty galtaşýan meýdandan daşlaşdyrsaň derrew gatap başlaýar. Bu diýildigi galliý metalyna eliň aýasynda saklap eredip islen şekliňi berip bilmek diýmekdir. Öňki döwürlerde bu metalyň kömegi bilen birnäçe gözbagçylyklar amala aşyrylypdyr. Şol döwürde bu metala jadyly demir diýipdirler.
Aslynda metallary eretmek üçin birnäçe işler ýerine ýetirilmelidir. Netijede zyýanly maddalar hem emele gelip biler, emma galliý metalyna bu häsiýet mahsus däldir. Onuň ereme häsiýeti hiç hili zyýanly madda emele gelmezden bolup geçýär. Galliý metallaryň ýeňil metallar toparyna degişlidir. Onuň tertip belgisi 31, “ Ga” bolsa simboliki belgisidir. Ol kümüşsow reňkli we birazajyk ýylpyldysy bolan metaldyr. Galliý tebigatda erkin ýagdaýda düş gelmeýär, ony diňe birlşmeleriň düzüminde tapmak bolýar . 1875-nji ýylda elementleriň tapylmagyndan başlap ýarymgeçirijiler barada doly maglumat toplanýan wagt aralygynda splawlar esasan galliý metalynyň gatnaşmagynda taýýarlanýardy. Häzirki wagtda galliý mikroelektronikada giňden ulanylýar.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby
Teswirler