ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk maslahaty geçirildi

Aşgabatda “Emeli aň Türkmenistanyň Bilim ulgamynda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre 2024–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Ýol kartasynyň çäginde guraldy.

Maslahat 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçirildi we bilim ulgamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny ösdürmek bilen bagly meselelere bagyşlandy. Çäräniň gün tertibinde bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamlaryny ösdürmek, mugallymlaryň sanly başarnyklaryny ýokarlandyrmak, hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak ýaly meseleler bar.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew açylyş sözünde bu maslahatyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyny belledi. Onuň çykyşyndan soňra, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Jan we Huawei kompaniýasynyň sebitdäki wise-prezidenti Chao Xie onlaýn görnüşde çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda birnäçe esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda:

  • R. Mahmudow (Türkmenistanyň Bilim ministrligi): “Emeli Aň Strategiýasynyň Taslamasy”.
  • Professor Oksana Çigişewa (ÝUNESKO): “Mugallymlaryň we Talyplaryň Emeli Aň Boýunça Başarnyklary”.
  • Xiaohan Bi (UNESCO ICHEI): “Halkara Emeli Aň Okuw Platformalary”.
  • Durdygylych Mergenow (Türkmenistanyň Bilim ministrligi): “Ýaş Nesliň Önümçilige Taýýarlygynda Emeli Aňyň Orny”.

Maslahatda emeli aňy Türkmenistanda bilim ulgamynda giňden ulanmak, sanly okuw mümkinçiliklerini giňeltmek we ýaş nesliň önümçilige taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen bagly teklipler we strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre Türkmenistanda bilimde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny güýçlendirmek ugrunda möhüm ädim boldy.

Çeşme: education.gov.tm

Meret MEREDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok