Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyna ser salanyňda, ata-babalarymyzyň arzuwyndan wysal bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyndaky we diplomatiýasyndaky parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň çuňňur pelsepewi köklerine we many-mazmunyna göz ýetirmek bolýar. Bu babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle belleýär: «Seljuk hökümdarlary türkmenlere mahsus diplomatiýa arkaly goňşy we alys döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ykdysady, ylmy we medeni taýdan gülläp ösüşe, abadançylyga getirjek döwletiň içki ykdysady özgertmeleriniň ençemesini durmuşa geçiripdirler». Hakykatdan-da öz döwrüniň geosyýasy ýagdaýyndan ussatlyk bilen baş çykaran seljuk hökümdarlary parahatçylykly ýol arkaly türkmen halkyna mahsus diplomatiýa bilen dostlukly gatnaşyklary saklap, döwletiň serhetlerini giňeltmegi başarypdyrlar.
1040-njy ýylyň 24-nji maýynda bolup geçen Daňdanakan ýeňşinden soňra, orta asyrlarda Jeýhun bilen Hazaryň aralygynda Tigr we Ýewfrat derýa aralygyna, Gara we Ortaýer deňizlerine çenli uzap giden uly giňişlikde ägirt uly imperiýanyň emele gelmegine getiren seljuk diplomatiýasynyň meşhur eýýamy başlanýar.
Döwletiň daşary syýasytynyň anyk ugry kesgitlenen Merw gurultaýyndan soňra seljuklar döwletiň çäklerini giňeltmek bilen bolupdyrlar. Seljuk soltanlary öz diplomatiýasynda gara güýji ulanmazdan, söweşleriň öňüni almak maksady bilen, ýöriş etmezden ozal garşy tarapa ilçi ýollap öňüni alyş diplomatiýasynyň ençeme ýörelgelerini durmuşa geçiripdirler. Şeýle parahatçylykly ýörelgeleriň ilkinjileriň biri söweşsiz boýun egmek baradaky talapnamalardyr (ultimatum). Bagdatdaky syýasy meseleler bilen meşgul bolup ýören Togrul beg 1055-nji ýylda Wizantiýa imperatory Teodora hat ýazyp, musulmanlardan alan ýerlerini yzyna gaýtaryp bermegini we her günde müň dinar öwez tölegini tölemekligini talap edýän hat iberipdir. Seljuk hökümdarynyň gazabyndan gorkan Wizantiýa imperatory Togrul begiň 1055-nji ýylda Bagdady eýelän wagty huzuryna öz ilçisini gymmatbahaly sowgatlary bilen ýollapdyr .
Seljuklar ýeterlik harby güýjiň bolaýan halatynda hem urşuň öňüni almak üçin birnäçe diplomatik serişdeleri ulanypdyrlar. Meselem, galany uzak wagtlap gabawda saklap, ilatyň amana gelmegine garaşypdyrlar. Käwagtlar bolsa gabawdaky ilata amanname diýlip atlandyrylýan diplomatik hatlar ilçileriň üsti bilen iberilipdir. Bu resminama esasan, gabawdaky ilatyň janynyň hem-de malynyň howpsuzlygyna kepil geçipdir. Gabawdaky ilat amannameni kabul eden ýagdaýynda, soltan özüniň duýgudaşlygyny bildirýän hatyny ilçiniň üsti bilen gabawdakylara jogap hökmünde iberipdir. Tabyn bolan ilatyň söýgüsini gazanmak maksady bilen soltan hatyň ujyna öz ýüzügini dakypdyr. Şol sebäpli hatda berkidilen ýüzük “aman ýüzük” diýlip atlandyrylypdyr.
Seljuk türkmen döwletiniň söweş tilsimleriniň hem parahatçylyk esasynda kemala gelenidigini taryhy çeşmeler arkaly şaýat bolýarys. Çeşmeleriň birinde türkmenleriň howlukman, galanyň daşyny töwerekläp, oba gurup garaşandyklary, şol aralykda özara ýaryşlary gurap, galadakylaryň amana gelmegine garaşandyklary bellenilip geçilýär. Taryhçy alymlar bolsa şeýle söweş usulynyň kämahallar köp çykdajyny talap edendigini, seljuk alplarynyň söweşjeň ruhuny peseldendigini, muňa garamazdan bolsa olaryň Oguz töresine eýerip, gara güýji ulanmagy iň soňky çäre hökmünde iň soňunda ulanandyklaryny nygtaýarlar. Öňüni alyş diplomatiýasyndan habar berýän şeýle söweş tilsimi barada britan harbysy ser Jon Bagot Glabb: «Häzirki zamanda parahatçylygy saklamakda hem Seljuk hökümdarlarynyň parasatly syýasaty gymmatly çeşme bolup biler» diýip belläp geçýär.
Seljuk hökümdarlarynyň parahatçylygy saklamakda ulanan serişdeleriniň ýene biri hem nika diplomatiýasydyr. Muňa mysal edip, Çagry begiň gyzlary syýasy maksatlar üçin durmuşa çykarylyp, bu nikalar arkaly goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Nika diplomatiýasy baglanyşylan şertnamalaryň berkidilmegine hem ýardam edipdir. Alp Arslan Wizantiýa imperatory Roman Diogen bilen şertnama baglaşanyndan soň, imperatordan gyzlarynyň birini ogluna alyp bermegini talap edipdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda nygtaýan: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýen hakykaty diňe bir sebitde däl, eýsem, orta asyr musulman Gündogarynyň taryhynda möhüm orun eýelän Beýik Seljuk imperiýasynyň hökümdarlarynyň daşary-syýasy ýörelgeleri babatynda hem dogrudyr. Bu günki günde bolsa ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilikli, hoşniýetli, dostlukly ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler