Türkmenistanyň ykdysadyýeti täze ösüş belentliklerine çykýar. Ýurtda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu meýilnamalar kärhanalaryň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak, bazar şertlerine uýgunlaşdyrmak we ykdysady gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin möhüm esas bolýar.
Içerki we daşarky maliýeleşdiriş çeşmeleriniň dogry saýlanyşy kärhanalaryň durnukly ösmegine ýardam edýär. Atyr önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň mysalynda maliýe çeşmeleriniň artykmaçlyklary we kemçilikleri seljerilýär. Mundan başga-da, dünýä tejribesi esasynda maliýeleşdirmegiň täze modelleri we algoritmleri hödürlenýär.
Häzirki döwürde ylym we tejribe derejesinde maliýeleşdiriş çeşmelerini saýlamak meseleleri uly ähmiýete eýe bolup, aýratyn aktual we jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurdaky bilermenleriň, hünärmenleriň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki bu meseleleri doly öwrenmeklik heniz amala aşyrylman, olaryň kärhana maliýeleşdiriş pudagyndaky ösüşleriň köpüsinde ýüze çykýan öz aýratynlyklary bar. Esasan hem dünýä ykdysatçylar, bilermenler, şol ugurda hünarmenkler, esasan, kärhana üçin maliýe çeşmelerini saýlamagyň algoritmini döretmäge we bu ugurda netijeli, anyk teklipleri ösdürmäge ünsi jemleýärler.
Bilermenleriň pikiriçe, kärhanalar öz maýasy bilen karz serişdeleriniň arasynda deňagramlylygy saklamaly. Bu usul kärhanalaryň ykdysady töwekgelçiligini azaltmaga we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy maliýe bazarynyň özgermegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň kärhanalary üçin hödürlenýän täze çemeleşmeler halkara bazarlarynda has üstünlik gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maliýe çeşmeleriniň amatly görnüşlerini saýlamak durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum syýasaty esasynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidildi, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik düzümleri kemala getirildi. Bu strategiýa milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň, ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna aralaşmagy, esasanda, karz gatnaşyklarynyň ulanylyşy bilen baglanyşykly bolar. Şonuň üçin, pul gatnaşyklaryna we karzlaşdyrmaklyga täzeçe çemeleşmek bazar gatnaşyklarynyň dөremeginiň we ykdysadyýete çuňňur aralaşmagynyň zerur şerti bolup çykyş edýär.
Dürjemal ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler