“Sungatyň ylym gözbaşy” kitap sergisi geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sungatyň ylym gözbaşy” atly kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu çäre konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan eserlerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdar Berdimuhamedowyň: “Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Ol ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişdedir,” diýen sözlerine esaslanyp, sergide çykyş edenler medeniýeti ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Çäräniň dowamynda, “Türkmen sazynyň teoriýasy”, “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy” ýaly birnäçe kitabyň awtorlary öz eserleri bilen tanyşdyrdylar. Talyp ýaşlar täze kitaplar bilen içgin tanyşyp, awtorlar bilen sorag-jogap esasynda gürrüňdeş boldular.

Bu çäre talyp ýaşlaryň döredijilik mümkinçiligini artdyrmakda, olaryň türkmen medeniýeti we sungaty boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, döredijilige döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdara minnetdarlyk bildirdiler.

Şamuhammet AMANOW,
Berdimuhammet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok