Sanly bank hyzmatlary giňeýär

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetde gazanan üstünlikleriniň çäginde, milli bank ulgamy sanly hyzmatlary giňeltmek bilen ilatyň maliýe hyzmatlaryna elýeterliligini artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň strategiýasyna laýyklykda, täze tehnologiýalar arkaly bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň banklary, şol sanda «Halkbank», «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary, «VISA Virtual» we «Sanly töleg» ýaly täze hyzmatlary hödürläp, müşderilere onlaýn töleglerden başlap, karz resmileşdirmäge çenli dürli amallary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, «Sanly karz» ulgamy arkaly raýatlar bir gezek banka baryp, onlaýn görnüşde karz alyp bilýärler.

Halkara maliýe bazarlaryna integrasiýany çaltlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda «VISA» we «MasterCard» kartlarynyň ulanylyşy artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 18,3 milliard manatdan ýokary boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim köpdür.

Bank hyzmatlarynyň giňelmegi bilen kiberhowpsuzlyga hem uly üns berilýär. Sanly hyzmatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy programma üpjünçilikleri ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikleri, şol sanda sanlylaşdyrma boýunça gazanylanlar, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we raýatlaryň abadançylygyna hyzmat edýär.

Gülşat KURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we

ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok