Türkmenistan Malaýziýa bilen emeli aň we “ýaşyl” tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösüşi iki ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli nusgasy hökmünde tanalýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň strategiki ähmiýeti has-da artdy.

Türkmenistan bilen Malaýziýa syýasy ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürýärler. Iki ýurduň parlamentleriniň we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak hem-de bilelikdäki Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmek başlangyçlary hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini görkezýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmek teklibi bilelikdäki tagallalaryň täze ugrudyr.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giň gerimli mümkinçilikleri barha ösýär. Türkmen mallarynyň Malaýziýanyň bazaryna çykarylmagy, şol sanda mineral serişdeler we dokma önümleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şeýle-de, Malaýziýanyň ýokary tehnologiýalaryna esaslanýan önümçilik tejribeleriniň Türkmenistana ornaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň täze basgançaklaryny açýar.

Energetika hyzmatdaşlygy iki ýurduň gatnaşyklarynyň esasy sütüni bolup durýar. Malaýziýanyň öňdebaryjy “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamalary arkaly gazanylan tejribe energetika ulgamynda bilelikdäki mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär. Nebit we gaz gaýtadan işlemekden başlap, himiýa senagatyna çenli giň ugurlarda hyzmatdaşlyk işjeňleşýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary, hususan-da “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmek, innowasiýalary ornaşdyrmak we emeli aň bilen baglanyşykly hünärleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri Malaýziýanyň tejribesi bilen utgaşyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine uly ýol açýar. Mundan başga-da, ykdysadyýetde we senagatda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy iki ýurduň ösüşine güýçli itergi berer.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Parlament, daşary syýasat we söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça başlangyçlar, şeýle hem bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň 
Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok