19-njy dekabrda Milli Liderimiziň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň guruljak ýerine baryp görmegi ýurdumyzda ekologiýa we infrastrukturanyň ösüşine berilýän uly ünsüň subutnamasydyr. Bu ýer paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda, çölüň göçme çägesiniň üstünden geçýän çylşyrymly ýer böleginde ýerleşýär. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz Garagum sährasynyň tebigatyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak maksady bilen, sazagyň (Haloxylon ammodendron) we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 milliondan gowrak düýbüniň ekilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada belläp geçdi.
Bu taslama diňe bir çölüň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, ekologiýa taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Ekilmegi meýilleşdirilýän ösümlikler sähranyň toprak eroziýasyna sezewar ýerlerini gorap saklamaga, tozanyň we çägiň göçmegini azaltmaga, şeýle hem, ýerli tebigatyň biologik dürlüligini baýlaşdyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem, meýilnama laýyklykda, ösümlikleriň ekiljek ýerleriniň ösen suwaryş ulgamlary bilen üpjün edilmegi, aýratyn-da, damjalaýyn suwaryş tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga, şeýle-de, ösümlikleriň has netijeli ösüşini üpjün etmäge ýardam eder.
Milli Liderimiziň bu başlangyjy ýurdumyzyň çölleşmä garşy göreşde we tebigy baýlyklary aýawly saklamakda alnyp barylýan strategiýasynyň möhüm bölegidir. Şeýle işler diňe bir Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ýurtlary üçin nusgalyk tejribe bolup hyzmat eder.
Dawut DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby,
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.
Teswirler