Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman saglyk öýleriniň, ylmy-kliniki merkezleriň we ýokary derejede enjamlaşdyrylan maksatly saglyk desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurdaky uly ösüşiň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, şäherlerde we obalarda gurlan sport toplumlary raýatlarymyz üçin sport bilen meşgullanmaga, saglyklaryny pugtalandyrmaga, hem-de medeniýetli dynç almaga giň mümkinçilikleri üpjün edýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy enäniň we çaganyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Gaznanyň serişdeleri hasabyna 2023-nji ýylyň dowamynda 261 sany çaga lukmançylyk operasiýasy geçirildi, şeýle hem Germaniýanyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň çagalar bölümleri hyzmatlara goşuldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde 985 sany çaga dikeldiş bejergisi aldy. Merkeziň çagalar bagyny 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň mekdeplerinde bilimlerini dowam etdirýärler. Bu ulgamdaky giň möçberli işler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda-da ykrar edilip, gaznanyň ynsanperwer işlerine BMG-niň derejesinde hem ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde toplumlaýyn strategiýalar esasynda ösdürilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen bu maksatnama dürli ugurlary öz içine alyp, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa”, “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa ýaly möhüm resminamalary öz içine alýar. Bu syýasatlaryň ählisi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda we saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesine çykarmakda uly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we abadançylygyň ülňüsine öwrüldi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan saglyk merkezleri, strategiýa esaslanýan giň möçberli taslamalar, şeýle-de halkara giňişliginde gazanylýan abraý ýurdumyzy sagdyn jemgyýetiň nusgalyk döwleti hökmünde tanadýar.
Humaý AMANGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň Patalogik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler