Dil – bilim almagyň, medeniýetler bilen aragatnaşyk saklamagyň we halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň iň täsirli ýollarynyň biridir. Häzirki döwürde köp dilli bolmak dünýä bilen arabaglanyşygy saklamakda örän möhüm ukyba öwrüldi. Ýurdumyzda hem daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça okuw usulyýeti uly ähmiýete eýe bolup, ýurduň halkara hyzmatdaşlygyna, bilim ulgamyna we ykdysady ösüşine goşant goşmaga gönükdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça dürli çäreler we taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda innowasion usullary ornaşdyrmak maksady bilen “Daşary ýurt dillerini aňsat ýol bilen öwretmek boýunça hakaton bäsleşigi” we mundan başga-da, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy kabul edilip, onuň çäklerinde dürli çäreler geçirilýär.
Türkmenistan geografiki taýdan strategik orny we medeni mirasy bilen daşary ýurt dillerine bolan islegi yzygiderli ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dilleri giňden öwredilýär. Munuň maksady – okuwçylary diplomatiýa, söwda we tehnologiýa ýaly ulgamlarda zerur bolan dil ukyplary bilen üpjün etmekdir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna laýyklykda döwlet tarapyndan daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Iňlis dili dünýäde giňden ulanylýan halkara dil hökmünde ýokary orunda durýar. Rus dili bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşykda möhüm orny eýeleýär. Mundan başga-da, arap we hytaý dilleri ykdysady we medeni taýdan möhüm dil hökmünde ünsden düşürilmeýär.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek usullary soňky ýyllarda has-da kämilleşdi. Ilkinji ýyllarda grammatika we ýatdan öwrenmek bilen çäklenilen usullar indi has interaktiw we aragatnaşykly usullara öwrülýär. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly tehnologiýalaryň orny hem artýar. Bu ugurda, okuwçylaryň taýýar sözleriň ulanylmagyna däl-de, öz sözlemleriniň we tekstleriniň döredilmegine ünsi çekmek, adaty baha beriş ulgamynyň deregine birnäçe jogap mümkinçiligi bolmaly ýaly ýörelgeler ulanylýar.
Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmek, döwletiň bilim ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasatlar, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Okuw usulyýetindäki täzelikler we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, dil öwrenmekde has netijeli ýollary üpjün edýär.
Türkmen ýaşlarynyň köp dilli bolmagy, ýurdumyza halkara derejesinde öz ornuny tapmaga mümkinçilik döredýär. Daşary ýurt dilleriniň okuwyna goýulýan üns we maýa goýumlary, ýurdumyzy bilim ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşýar. Geljekde hem bu ugurdaky innowasion taslamalaryň dowam etdirilmegi, türkmen ýaşlarynyň täze belentliklere ýetmegine ýol açar.
Jahan GURBANOWA
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň
48-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler