Ýürek ritminiň kadaly bolmagynyň sagdynlyga täsiri

Ýürek adam bedeniniň iň möhüm agzalarynyň biridir. Ol bedeniň ähli öýjüklerine gan arkaly kislorod we zerur maddalary ýetirmek wezipesini ýerine ýetirýär. Sagdyn ýürek, kadaly we yzygiderli urýar. Emma käte ýüregiň uruş tizligi haýallaýar, çaltlanýar ýa-da tertipsiz urýar. Bu ýagdaýlar umumylykda ýürek ritminiň bozulmalary ýa-da aritimia diýlip atlandyrylýar.

Ýürek ritminiň bozulmalary ýürek urşuny dolandyrýan elektrik impulslarynyň kadaly işlemeýän ýagdaýynda ýüze çykýar. Bu ýagdaý ýüregiň tizligine we gan aýlanyşyna täsir edip biler. Käbir aritimiýalar zyýansyz bolsa, beýlekileri adam üçin howply bolup biler we tiz lukmançylyk kömegini talap edýär.

Ýürek ritminiň bozulmalarynyň görnüşleri. Ýürek ritminiň bozulmalary ýüregiň uruş tizligine ýa-da tertipsizligine görä toparlara bölünýär:

  • Bradikardiýa: Ýürek urşunyň adaty ýagdaýdan haýal urmagy (60 urgy/minutdan pes). Bu ýagdaý ýadawlyga, baş aýlanmasyna we huşuňy ýitirmäge getirip biler.
  • Tahidardiýa: Ýürek urşunyň aşa çalt urmagy (100 urgy/minutdan ýokary). Bu ýagdaý döş agyrysyna, demgysmalyga we huşsuzlyga sebäp bolup biler. 
  • Atrial fibrilýasiýa: Ýüregiň ýokarky bölümleriniň (atriýalaryň) kadaly däl we çalt urmagy. Bu ýagdaý gan doňup, insulta getirip biler.

Alamatlary

Ýürek ritminiň bozulmalarynyň alamatlary dürli-dürlidir we agyrlygyna baglylykda üýtgeýär: 

  • Döşde duýulýan galpyldy ýa-da urgy (palpitasiýa).
  • Baş aýlanmasy ýa-da huşsuzlyk.
  • Demgysma
  • Döş kapasasynyň agyrmagy
  • Ýykylmak huşuňdan gitmek

Ýürek ritminiň bozulmalarynyň öňüni alyş usullary

Ýürek saglygyny goramak üçin:

  1. Miwe we gök önümleriň köp bolmagynda kadaly iýmitlenmek.
  2. Sport bilen meşgullanmak, ýöne aşa ýadawlykdan gaça durmak.
  3. Stressden we dartgynlykdan gaça durmak.
  4. Kadaly medisina barlaglaryny geçirmek.

Ýürek ritminiň bozulmalary ünsden düşürilmeli däl saglyk meselesidir. Bu ýagdaýy irki döwürde anyklamak we sagdyn durmuş ýörelgesini kabul etmek bilen howply ýagdaýlaryň öňüni alyp bolýar. Saglyk ýagdaýyňyzy hemişe gözegçilikde saklaň.

Humaý AMANGELDIÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançlyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiya
kafedrasynyň  mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok