Merkezi Aziýanyň täze halkara logistika merkezi hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan, Daşkentden Braziliýanyň Paranaguýa portuna ilkinji konteýner otlusynyň üstaşyr geçirilmeginde möhüm orun eýeledi. Bu göni gatnaw, sebitiň dünýä bazarlary bilen integrasiýa derejesini ýokarlandyrmakda strategiki ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň global derejesindäki ornuny görkezýär.
Daşkentden ugur alan otly, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyndan geçip, Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portuna bardy. Portda ýükleriň üstünlikli üstaşyr geçirilmegi, ýurduň multimodal transport logistikasyndaky kuwwatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenbaşy portunda işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagy, ýükleriň wagtynda we howpsuz ýagdaýda aşakdaky ugra dowam etmegini üpjün etdi.
Otlynyň ähli ýoly aşakdaky bölekleri öz içine alýar:
- Özbegistan: Daşkentden Türkmenistana çenli demir ýol arkaly.
- Türkmenistan: Türkmenbaşy portundan Azerbaýjana çenli üstaşyr geçirilýär.
- Azerbaýjan we Gruziýa: Gara deňiz ugurlary arkaly Gruziýanyň Poti portuna ýetýär.
- Latyn Amerikasy: Atlantik ummany arkaly Braziliýanyň Paranaguýa portuna barýar.
Umumy ýol 60–70 günüň dowamynda tamamlanýar, onuň 20 güni gury ýerden, 35–45 güni bolsa deňiz arkaly amala aşyrylýar.
Türkmenistan bu täze ugurda esasy tranzit ýurt hökmünde çykyş edip, sebitiň ykdysady ösüşinde we halkara söwdasynda möhüm orun eýeleýär. Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň ýokary tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylmagy, ýük gatnawlaryny çalt we netijeli ýerine ýetirmegi üpjün edýär.
Bu üstünlikli gatnaw, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we dünýä ýurtlary bilen täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, bu logistik taslama, sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen, Türkmenistany halkara söwda çatrygy hökmünde has-da pugtalandyrar.
Türkmenistan, häzirki döwürde üstaşyr ýük gatnawlarynyň merkezi hökmünde ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, sebitiň ykdysady ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Parahat Muhammetgeldiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler