Belgiýaly sazanda Magtymguly Pyragynyň goşgusyna täze kompozisiýa döretdi

Ýaş belgiýaly sazanda Toni türkmen poeziýasynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Görer gözüň – iliňi» goşgusyna esaslanýan iňlis dilinde döredilen täze kompozisiýasyny hödürledi. Bu taslama Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň goldawy bilen türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan ýylyň çäklerinde amala aşyryldy.

Täze kompozisiýa aýdymçy bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň arasynda üstünlikli medeni hyzmatdaşlygynyň dowamy boldy. Şu ýylyň başynda Toni eýýäm Brýusseliň meşhur ýerlerinde we ilçihananyň binasynda şekilli aýdymlaryny surata alyp, «Turkmenistan Dreams» atly kompozisiýasyny çykarypdy.

Täze aýdymyň esasyny Magtymguly Pyragynyň «Görer gözüň – iliňi» atly meşhur goşgusy düzýär. Bu goşguda şahyr watansöýüjilige, däp-dessurlara hormat goýmaklyga we ýokary ahlak ýörelgelerine eýermäge çagyrýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, aýdymçynyň «Turkmenistan Dreams» atly öňki ýerine ýetiren işi hem türkmen medeniýetine bagyşlanyp, onuň sözlerini diplomat Maral Rahymowa ýazypdy.

Bägül ATAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok